TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2025/2026-NJY OKUW ÝYLY ÜÇIN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINE ÝOKARY HÜNÄR BILIMI (BAKALAWR) MAKSATNAMASY BOÝUNÇA SEÇIP ALYŞ IŞINI GEÇIRÝÄR

  • Home -
  • Announcement -
  • TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2025/2026-NJY OKUW ÝYLY ÜÇIN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINE ÝOKARY HÜNÄR BILIMI (BAKALAWR) MAKSATNAMASY BOÝUNÇA SEÇIP ALYŞ IŞINI GEÇIRÝÄR
slider

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2025/2026-NJY OKUW ÝYLY ÜÇIN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINE ÝOKARY HÜNÄR BILIMI (BAKALAWR) MAKSATNAMASY BOÝUNÇA SEÇIP ALYŞ IŞINI GEÇIRÝÄR

TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI 2025/2026-NJY OKUW ÝYLY ÜÇIN HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINE ÝOKARY HÜNÄR BILIMI (BAKALAWR) MAKSATNAMASY BOÝUNÇA SEÇIP ALYŞ IŞINI GEÇIRÝÄR

 

Hytaý Halk Respublikasynyňýokary okuw mekdeplerine umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 25-nji noýabry — 10-njy dekabry aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi maksatnamalary boýunça okuwa kabul ediljek dalaşgärleriň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;

— Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky sowalnama;

— ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalary (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);

— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) ýa-da HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat.

Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

—Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

—Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.

Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler bilen orta bilimiň umumy bilim meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw dersleri boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.

Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

 

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.

Telefon belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25

elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com

 

 

 

 

МИНИСТЕРСТВО ОБРАЗОВАНИЯ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОВОДИТ ОТБОР УЧАЩИХСЯ ДЛЯ ОБУЧЕНИЯ В ВЫСШИХ УЧЕБНЫХ ЗАВЕДЕНИЯХ КИТАЙСКОЙ НАРОДНОЙ РЕСПУБЛИКИ ПО ПРОГРАММЕ БАКАЛАВРИАТА НА 2025/2026 УЧЕБНЫЙ ГОД

 

В Международном университете гуманитарных наук и развития в период с 25 ноября по 10 декабря 2024 года осуществляется приём документов в высшие учебные заведения Китайской Народной Республики

граждан Туркменистана, достигших 18 лет и не старше 25 лет, владеющих английским языком, имеющих среднее образование.

Информация о перечне специальностей и количестве абитуриентов, которые будут приняты в высшие учебные заведения Китайской Народной Республики по программе высшего профессионального образования, а также об условиях обучения предоставляется Комиссией по приёму документов.

Перечень документов:

– заявление и анкета установленного для граждан Туркменистана образца;

– анкета установленного образца для иностранных граждан, направляемых на обучение в высшие учебные заведения Китайской Народной Республики;

– свидетельство об образовании, выданное лицензированными заведениями страны (заверенные копия и перевод);

– справка о том, что абитуриент не обучался и не получал стипендию в вузах Китайской Народной Республики по соответствующей ступени образования (расписка);

– подлинник документа о среднем образовании (выписка и заверенный перевод);

подлинник сертификата об успешном окончании академических курсов уровней SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language), IELTS (International English Language Testing System) или HSK (Chinese Proficiency Test). Абитуриенты, имеющие сертификат SAT, пользуются льготами при поступлении;

– справка о состоянии здоровья установленного образца, выданная Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана (справка о состоянии здоровья граждан, являющихся абитуриентами на поступление в высшие учебные заведения, находящихся за рубежом);

– характеристика с последнего места учёбы или работы (воинской части);

– 12 (двенадцать) фотографий 3х4.

При зачислении в государственные учреждения высшего профессионального образования пользуются льготами школьники-победители государственного тура предметных олимпиад, члены сборных команд

Туркменистана, занявших призовые места на международных олимпиадах и конкурсах по общеобразовательным предметам.

Кроме того, желающие поступить в вуз должны предоставить в приёмную комиссию наряду с вышеперечисленными документами и копии документов, указанные ниже:

– паспорт гражданина Туркменистана, а также паспорт, разрешающий выезд из Туркменистана и въезд в Туркменистан;

– военный билет о прохождении воинской службы в рядах Вооружённых Сил Туркменистана и приписное свидетельство юношей, не прошедших воинскую службу, выданное местными военными комитетами.

Абитуриенты, предоставившие необходимые документы, пройдут собеседование на английском языке по дисциплинам, предусмотренным общеобразовательной программой полного среднего образования.

Приёмная комиссия вправе запросить дополнительные данные об абитуриенте.

Абитуриент несёт личную ответственность за неверную или ложную информацию, а также за поддельные документы.

 

Адрес Международного университета гуманитарных наук и развития: г. Ашхабад, улица 1958 (Андалиба),

169, тел.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25

aдрес эл. почты: admissioniuhd@gmail.com