TÜRKMENISTANYŇ
BILIM MINISTRLIGI 2025/2026-NJY OKUW ÝYLY ÜÇIN WENGRIÝANYŇ ÝOKARY OKUW
MEKDEPLERINE ÝOKARY HÜNÄR BILIMI (BAKALAWR) MAKSATNAMASY BOÝUNÇA SEÇIP ALYŞ
IŞINI GEÇIRÝÄR
Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta bilimli, 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan, 2024-2025-nji okuw
ýylynda umumy orta mekdebi tamamlaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary
2024-nji ýylyň 25-nji noýabry — 10-njy dekabry
aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary
okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça okuwa
kabul ediljek dalaşgärleriň sany,
şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul
ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;
— Dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi
we tassyklanan terjimesi);
— Hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan
kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— Umumy orta bilimi baradaky resminamanyň asyl
nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
— SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL
(Test of English as a Foreign Language) ýa-da IELTS (International English
Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň asyl nusgasy (SAT şahadatnamasy bolan dalaşgärler
artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge
dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
— Soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat.
Ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende
artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça
halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary
şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg
bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, kabul ediş
toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
—
Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan
gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
—
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy
geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedikler ýazylyş
şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä hatyny.
Zerur resminamalary tabşyran dalaşgärler
bilen orta bilimiň umumy bilim meýilnamasynda göz öňünde tutulan okuw dersleri boýunça iňlis dilinde söhbetdeşlik geçiriler.
Resminamalary kabul ediş topary zerur
bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi
iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat
ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169.
Telefon
belgileri: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com
МИНИСТЕРСТВО ОБРАЗОВАНИЯ ТУРКМЕНИСТАНА ПРОВОДИТ ОТБОР УЧАЩИХСЯ ДЛЯ ОБУЧЕНИЯ В
ВЫСШИХ УЧЕБНЫХ ЗАВЕДЕНИЯХ ВЕНГРИИ ПО ПРОГРАММЕ БАКАЛАВРИАТА НА 2025/2026 УЧЕБНЫЙ ГОД
В Международном университете
гуманитарных наук и развития в период с 25 ноября по 10
декабря 2024 года осуществляется приём документов в высшие
учебные заведения Венгрии граждан Туркменистана, имеющих среднее образование, которым к 31 августа 2025 года исполнится
18 лет и которые закончат среднюю школу
в 2024-2025 учебном году.
Информация о перечне специальностей и
количестве абитуриентов, которые будут приняты в высшие учебные заведения Венгрии по программе высшего профессионального
образования (бакалавриат), а также об условиях обучения предоставляется Комиссией
по приёму документов.
Перечень документов:
– заявление и анкета установленного для
граждан Туркменистана образца;
– свидетельство о рождении (выписка и
заверенный перевод);
– справка с места жительства (выписка и
заверенный перевод);
– оригинал документа о среднем
образовании (выписка и заверенный перевод);
– оригинал сертификата об успешном
окончании академических курсов уровней SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign
Language) или IELTS (International
English Language Testing System). Абитуриенты, имеющие сертификат SAT, пользуются льготами при поступлении;
– справка о состоянии здоровья
установленного образца, выданная Министерством здравоохранения и
медицинской
промышленности Туркменистана (справка о
состоянии здоровья граждан, являющихся абитуриентами на поступление в высшие учебные заведения, находящихся за рубежом);
– характеристика с последнего места
учёбы или работы (воинской части);
– 12 (двенадцать) фотографий 3х4.
При зачислении в государственные
учреждения высшего профессионального образования пользуются
льготами школьники-победители государственного
тура предметных олимпиад, члены сборных команд
Туркменистана, занявших призовые места на международных
олимпиадах и конкурсах
по общеобразовательным предметам.
Кроме того, желающие поступить в вуз
должны предоставить в приёмную комиссию наряду с вышеперечисленными документами и копии документов, указанные ниже:
– паспорт гражданина Туркменистана, а
также паспорт, разрешающий выезд из Туркменистана и въезд в Туркменистан;
– военный билет о прохождении воинской
службы в рядах Вооружённых Сил Туркменистана и
приписное свидетельство юношей, не прошедших воинскую службу, выданное местными военными комитетами.
Абитуриенты, предоставившие необходимые
документы, пройдут собеседование на английском
языке по дисциплинам, предусмотренным общеобразовательной программой полного среднего образования.
Приёмная комиссия вправе запросить
дополнительные данные об абитуриенте.
Абитуриент несёт личную ответственность
за неверную или ложную информацию, а также за поддельные документы.
Адрес Международного университета
гуманитарных наук и развития:
г. Ашхабад, улица 1958 (Андалиба), 169,
тел.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
aдрес эл. почты: admissioniuhd@gmail.com