TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin Rumyniýanyň
ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary
boýunça seçip alyş işini geçirýär:
Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta,
orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2025-nji
ýylyň 17 – 27-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary
okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr
we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň
sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan
alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- Türkmenistanyň raýaty üçin
bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
- soňky okuw ýa-da iş ýerinden
(harby bölümden) häsiýetnama;
- 3x4 sm ölçegde on iki sany
fotosurat;
- Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusgadaky
sowalnama;
- dogluş hakynda şahadatnama
(göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- hemişelik ýaşaýan ýerini
tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
- Türkmenistanyň raýatynyň
Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji 2
sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy
başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);
- şahsy pasportynyň nusgasy;
- raýatyň adynyň üýtgedilendigini
tassyklaýan resminamanyň (bar bolsa) göçürmesi we tassyklanan terjimesi;
- bakalawr maksatnamasyna
resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL
(Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English
Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden
üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri
tarapyndan berlen iňlis dili boýunça «Advanced» we ondan
ýokary derejedäki okuw şahadatnamasynyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan
terjimesi).Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini
tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
- magistr maksatnamasyna
resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler GMAT (Graduate Management Admission
Test), GRE (Graduate Record Exam) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden
üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri
tarapyndan berlen iňlis dili boýunça Advanced we ondan ýokary derejedäki okuw
şahadatnamasynyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi).Akademiki bahalandyryş
synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan
dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
- ýokary hünär
bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep
okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim
dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli
resminamanyň hem-de ygtyýarly edaralar
tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolsa) we
tassyklanan terjimesi;
- umumy orta
bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy
(göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Eger
dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa,
şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan
göçürmesi.
Bilim hakyndaky
resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa, onuň Türkmenistanda ykrar
edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;
- diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag
sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan
terjimesi);
— dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Rumyniýanyň Hökümetinden öň
talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
— rumyn dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da rumyn
dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
— terjimehal (CV) iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan
bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary
okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);
Bulardan başga-da, okuwa girmäge
isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş
toparyna aşakdakylary görkezýärler:
- Türkmenistanyň raýatynyň
pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we
Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
- Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy
geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny, (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri
boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).
Resminamalaryň terjimeleri iňlis,
fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde berilmelidir.
Resminamalary kabul ediş topary
zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we
galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Resminamalaryny tabşyran
dalaşgärler bilen 2025-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary
we ösüş uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
salgysy:
Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169,
tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
elektron salgysy: admissioniuhd@gmail.com