2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (IUHD) Ýapon gününi ýokary derejede gurap, talyplary, mugallymlary we myhmanlary medeniýet, döredijilik hem-de türkmen-ýapon dostlugynyň baýramçylyk ruhunda birleşdirdi. Çäre IUHD-niň medeniýetara dialoga, ählumumy hyzmatdaşlyga we ýaşlar diplomatiýasyny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi.
2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygary mynasybetli IUHD «Origami: Durna — parahatçylygyň we umydyň nyşany» atly iki tapgyrly milli bäsleşigi gurady.
Birinji tapgyrda gatnaşyjylar ýapon medeniýetinde parahatçylygyň, umydyň, uzak ömrüň we çydamlylygyň nyşany hasaplanylýan origami durnalaryny (鶴 – tsuru) ýasadylar. Ikinji tapgyrda talyplar ýylyň şygaryna bagyşlanan 5–7–5 ölçegindäki awtorlyk haýku gooşgularyny döretdiler. Goşgularda garaşsyzlyk, baky bitaraplyk, milli buýsanç we durnukly ösüş baradaky pikirler beýan edildi. Ýeňijiler döredijiligi we parahatçylygy ählumumy gymmatlyk hökmünde çuňňur açyp görkezendikleri üçin I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.
Baýramçylyk IUHD-niň Diller kafedrasy hem-de "Curious Intellects" gurnagy tarapyndan guralan baý medeni maksatnama bilen dowam etdi. Talyplar kintsugi sungaty bilen tanyşdylar, suşi we moçi taýýarlamak boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar, matcha çaý dabarasyny başdan geçirdiler, kanji ýazmagy synap gördüler we intellektual oýunlara gatnaşdylar. Türkmen-ýapon gatnaşyklary baradaky çykyş iki ýurduň arasyndaky pugta diplomatik dostlugy nygtady, sazly çykyşlar bolsa baýramçylyga aýratyn döredijilik ruhuny berdi.
IUHD-de geçirilen Ýapon güni parahatçylygyň we özara düşünişmegiň diňe diplomatiýa arkaly däl, eýsem medeniýet, bilim we bilelikdäki döredijilik arkaly hem berkeýändigini ýene bir gezek subut etdi.