Loading...

10 March 2026 г. Iň soňky habarlar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYYÖU) halkara bilim giňişligindäki hyzmatdaşlygy täze sepgitlere gadam goýýar. Bu ugurda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde, Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde uniwersitetiň iki talyby — Yhlas Kömekow we Soltanmyrat Tairow — bäş aýlyk okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyna ugradyldy.

Häzirki wagtda talyplarymyz Italiýanyň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň biri bolan G. d’Annunzio adyndaky Kiýeti-Peskara uniwersitetinde (Università degli Studi "G. d'Annunzio" Chieti - Pescara) öz ugurlary boýunça bilimlerini kämilleşdirýärler. Bu taslama HYYÖU-nyň talyplarynyň agzalan italýan uniwersiteti bilen amala aşyrýan ilkinji talyp alyş-çalyş tejribesi bolup, iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky bilim we medeni gatnaşyklaryň täze sahypasyny açýar.

Bu maksatnama talyplara diňe bir Ýewropa bilim standartlary bilen tanyşmaga däl, eýsem halkara syýasaty we diplomatiýa ugrunda amaly tejribe toplamaga, daşary dillerini kämilleşdirmäge hem-de Türkmenistanyň bilim ulgamyny dünýä derejesinde mynasyp tanyşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Peskara şäherinde geçýän bu okuw döwrüniň dowamynda talyplar dürli ýurtlardan gelen deň-duşlary bilen medeni we ylmy gatnaşyklary ýola goýup, özara düşünişmegiň hem-de dostlugyň berkemegine goşant goşýarlar.

Şeýle halkara bilim taslamalarynyň ilkinji gezek üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esasy goýlan we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan rowaçlandyrylýan döwrebap bilim syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň ýaşlaryna dünýäniň iň kämil okuw mekdeplerinde bilim almak we tejribe toplamak üçin döredilýän bu mümkinçilikler geljekde ýokary derejeli hünärmenleriň ýetişmegine hyzmat edýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim almaga, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermäge döredip berýän ähli şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirýärler.