2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 10-njy apreline çenli Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde ýerleşýän Bilim meýilnamalaşdyryş we dolandyryş boýunça milli institutda (NIEPA) bilim edaralarynyň ýolbaşçylary üçin institusional meýilnamalaşdyryş boýunça halkara maksatnama (IPHEI) geçirilýär. Maksatnama Hindistanyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen ITEC maksatnamasynyň çäklerinde guralýar.
Bu halkara maksatnama 15 ýurtdan 25 wekili bir ýere jemläp, bilim dolandyryşy ulgamynda tejribe alyşmak, häzirki zaman çemeleşmelerini öwrenmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Maksatnamanyň esasy maksady bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hünär başarnyklaryny ösdürmekden ybarat bolup, onuň çäklerinde liderlik we dolandyryş, strategiki hem-de institusional meýilnamalaşdyryş, şeýle hem dolandyryş çözgütlerini kabul etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Okuw prosesi umumy, amaly sapaklary, ýagdaý seljermelerini hem-de hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilýän pikir alyşmalary öz içine alýar. Bu bolsa gatnaşyjylara institusional meýilnamalaşdyryş boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga we ony milli aýratynlyklary nazara alyp ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döredýär.
Şeýle hem maksatnama dürli ýurtlaryň bilim ulgamlarynda ýüze çykýan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de halkara hünär hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.
Bu maksatnama Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Orazsoltan Annamyradowa hem-de Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyň mugallymy Oguljan Akmyradowa wekilçilik edýär. Olar maksatnamanyň dowamynda hünär duşuşyklaryna işjeň gatnaşyp, milli bilim ulgamynyň tejribesini beýan edýärler we halkara derejede hünär dialogynyň ösdürilmegine goşant goşýarlar.
Türkmenistanyň wekilleriniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hünär mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini görkezýär.