Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar baradaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Edilýän bu çäksiz aladalardan ruhlanyp, ylym-bilim ýolunda yhlas bilen okaýan ýaşlarymyz bu günki günde dürli zehin bäsleşiklerinde özleriniň ýokary ukyplaryny we başarnyklaryny görkezýärler. Şeýle hem, ýurdumyz halkara gatnaşyklary pugtalandyrmak we halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen, birnäçe halkara olimpiadalaryna we bäsleşiklerine ýokary derejede guramaçylyk edýär.
Amala aşyrylýan bu giň gerimli işleriň netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat nobatdaky iri ylmy çäräniň merkezine öwrüldi. 2026-njy ýylyň 23—28-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde (HYY we ÖU) talyplaryň arasynda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS-2026) uly dabara bilen geçirildi.
Dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş matematikaçylary bir ýere jemlän bu halkara bäsleşige Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Gresiýa Respublikasyndan, Wengriýa Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Niderlandlar Patyşalygyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Özbegistan Respublikasyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Daşary ýurtly talyplar bilen bir hatarda türkmen ýaşlary hem öz bilimlerini we ukyplaryny görkezip, ýokary netijeleri gazanmagy başardylar.
Olimpiadanyň düzgünnamasyna laýyklykda, bäsleşik ýekebara we toparlaýyn görnüşde, A we B derejelerde gurnaldy. Eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň tejribeli professor-mugallymlaryndan düzüldi.
Düzgünnama laýyklykda, Halkara olimpiada gatnaşýan ýokary okuw mekdebi olimpiada 5 mesele hödürläp, hödürlenýän meseleler anyk çözülişi bilen guramaçylyk toparyna olimpiadanyň geçiriljek senesinden 20 gün öňünden ugradyldy. Olimpiada hödürlenýän meseleler hiç bir kitapda çözülişi görkezilmedik meselelerdigi nazara alnyp kabul edildi. Düzgünnama esasynda, olimpiada gatnaşmaýan ýokary okuw mekdebinden ýa-da garaşsyz hünärmen tarapyndan teklip edilen meseleler hem kabul edildi.
Bäsleşige gatnaşmaga gelen talyplar guramaçylyk edýän Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti tarapyndan gyzgyn garşylandy. Uniwersitet tarapyndan talyplaryň we mugallymlaryň oňaýly dynç almaklary, netijeli taýýarlanmaklary üçin ähli amatly şertler döredildi. Şeýle-de, myhmanlaryň boş wagtlarynda türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen tanyşmaklary hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň gözel ýerlerini görmekleri üçin ýörite gezelençleriň guralmagy meýilnamalaşdyryldy. Daşary ýurtly myhmanlara ýol görkezmek we zerur bolan kömekleri bermek üçin uniwersitetiň talyp ýaşlaryndan düzülen meýletinçiler topary ýörite taýýarlanyldy.
28-nji martda uniwersitetiň mejlisler zalynda olimpiadanyň ýapylyş we ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigiň netijeleri türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki bilim ukybyny ýene bir gezek subut etdi.
Olimpiadanyň umumy medal görkezijileri
|
Bäsleşigiň görnüşi |
Altyn medal |
Kümüş medal |
Bürünç medal |
Jemi |
|
A dereje (Şahsy) |
32 |
45 |
79 |
156 |
|
B dereje (Şahsy) |
33 |
49 |
100 |
182 |
|
Toparlaýyn bäsleşik |
6 |
12 |
16 |
34 |
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary A derejede 78 medal (15 altyn, 30 kümüş, 33 bürünç), B derejede bolsa 120 medal (18 altyn, 39 kümüş, 63 bürünç) gazanyp, umumy hasapda öňe saýlandylar. Şeýle-de, toparlaýyn bäsleşikde ildeşlerimiz 13 medala (2 altyn, 5 kümüş, 6 bürünç) mynasyp boldular.
Halkara bäsleşigiň barşynda Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti hem özüniň ýokary taýýarlygy bilen aýratyn tapawutlanmagy başardy. Goňşy döwletiň zehinli ýaşlary şahsy bäsleşiklerde jemi 103 medaly eýelemegi başardylar. Has takygy, olar A dereje boýunça 3 altyn, 7 kümüş we 41 bürünç medaly, B dereje boýunça bolsa 10 altyn, 9 kümüş hem-de 33 bürünç medaly eýelediler. Şonuň bilen birlikde, Özbegistana wekilçilik edýän 39 toparyň agzalary toparlaýyn bäsleşikde jemi 10 sany (3 kümüş we 7 bürünç) baýrakly orna mynasyp boldular.
Halkara bäsleşigiň barşynda Russiýa Federasiýasynyň talyplary tarapyndan gazanylan üstünlikler hem bellenilmäge mynasypdyr. Russiýaly ýaş matematikaçylar özleriniň güýçli taýýarlygy bilen şahsy bäsleşiklerde jemi 30 medala eýe boldular. Olaryň 13-si altyn, 8-si kümüş we 5-si bürünç bolup, bu görkezijiler A derejesine degişlidir. Mundan başga-da, olar B dereje boýunça 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazanmagy başardylar. Toparlaýyn bäsleşikde bolsa Russiýanyň 9 topary jemi 7 medaly (4 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç) eýeläp, bu ugurda iň netijeli görkezijileriň birini hasaba aldylar.
Mundan başga-da, Täjigistan döwletiniň wekiliýetinden şahsy bäsleşikde A derejeden 1 altyn medal, toparlaýyn bäsleşikde bolsa 1 bürünç medal gazandy. Şahsy gatnaşyk boýunça bäsleşikde B derejeden Gresiýa, Gollandiýa, Germaniýa we Wengriýa döwletleriniň talyplary 1 altyn medala mynasyp boldular. Şol sanda, toparlaýyn bäsleşikde Gresiýa we Gollandiýa döwletiniň wekilleri 1 kümüş medal gazandylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleri şahsy bäsleşik boýunça 1 bürünç medal eýelediler. Şeýle-de, Eýranyň wekiliýeti toparlaýyn bäsleşikde 1 bürünç medala mynasyp boldy.
Halkara olimpiadanyň dabaraly ýapylyş dabarasyndan soňra, ýaryşyň ýeňijileri we gatnaşyjylary bu taryhy pursady ebedileşdirmek üçin ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle-de, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş matematikaçylar özara tejribe alyşmaga, dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we türkmen halkynyň baý medeni gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen giň mümkinçilikler üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk we sagbolsun aýtdylar.