Loading...

12 May 2026 г. Iň soňky habarlar

2026-njy ýylyň 12-nji maýynda Tokiodaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýolbaşçylygy Aziýanyň Bilim, ylym we ykdysady ösüş guramasynyň (Asia SEED) wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Türkmen-Ýapon ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň prezidenti jenap Hideomi Koinuma hem gatnaşdy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew uniwersitetiň gazanan üstünliklerini hem-de bilim, ylym we halkara hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky ileri tutulýan wezipelerini tanyşdyrdy. Gepleşikleriň dowamynda bilelikdäki bilim maksatnamalary, pudagara ylmy-barlag işleri, durnukly ösüş hem-de “ýaşyl” ykdysadyýet ugurlaryndaky başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar uzak möhletleýin akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şol gün uniwersitetiň wekiliýeti Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) wekilleri bilen hem duşuşyk geçirdi. Taraplar bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, akademiki alyş-çalyş hem-de innowasion bilim başlangyçlary boýunça mümkinçilikleri maslahatlaşdylar. Şeýle hem, JICA Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary üçin emeli aň boýunça mugt sertifikatlaşdyrylan okuwyny hödürlemegi teklip etdi. Bu başlangyç sanly başarnyklary ösdürmäge we geljegiň ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamaga ýardam berer.

Duşuşyklaryň netijeleri bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklere eýedigini görkezdi hem-de halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.