Iň soňky habarlar

11 September 2026 г. 9 Iň soňky habarlar

Ak mermerli Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Foruma GDA agza döwletleriň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary, şeýle hem ýolbaşçy pudaklaýyn edaralaryň wekilleri we halkara hünärmenler gatnaşdylar. Şeýle iri forumyň Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilmegi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de konstruktiw döwletara gepleşikleri işjeň ösdürmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek nygtady.

Duşuşygyň gün tertibi köptaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň gerimli meselelerini öz içine aldy. Gatnaşyjylar ozal kabul edilen ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň aralyk netijelerini jemlediler we ýakyn döwür üçin özara hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler.

Gatnaşyjylar özara söwda gatnaşykalarynda päsgelçilikleri aradan aýyrmak, senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek we milli ykdysadyýetleriň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça ädilmeli ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň «Demirgazyk – Günorta» we «Gündogar – Günbatar» ugurlarynyň kesişýän ýerinde ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmündäki strategik roly bellenildi. Taraplar ykdysady amallary sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we tejribe alyşmak ulgamyndaky bilelikdäki başlangyçlara seretdiler. Akademiki, bilim we medeni ulgamlarda aragatnaşyklary berkitmegiň wajyplygy bellenildi, bu bolsa GDA ýurtlarynyň ýaş nesilleriniň özara düşünişmegi üçin berk binýat döredýär.

Şeýle ýokary derejeli forumyň geçirilmegi Türkmenistanyň akademiki jemgyýetçiligi, şol sanda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlar düzümi we talyplary üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Forumda kabul edilen çözgütler halkara ykdysady gatnaşyklary, diplomatiýa we halkara hukugy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri üçin amaly binýat bolup hyzmat edýär.

GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edilen resminamalar we ylalaşyklar sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine we arkalaşygyň çäginde öne sürülýän öňdebaryjy hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha çuňlaşmagyna täze itergi bermäge gönükdirilendir.